“Kesgir gaşlar” uruşdan soňky Birmingem barada täze serial bilen gaýdyp geler

  • 04.10.2025 14:59
  • 3.1k+

“Kesgir gaşlary” (Острые козырьки) döreden Stiwen Naýt ilkinji serialyň gönüden-göni dowamy boljak täze serialyň üstünde işläp başlady. Variety neşiriniň ýazmagyna görä, serial Netflix we BBC platformalarynda çykar.

Waka 1953-nji ýylda Birmingemde ýaýbaňlanar. Ikinji jahan urşundaky partlamalardan weýran bolan şäher dikeldiş döwrüni başdan geçirýär. Şelbi maşgalasy uly göwrümli dikeldiş bilen baglanyşykly gurluşyk işlerinde güýje eýe bolmak üçin göreşiň merkezinde bolar.
Täze taslama her biri alty bölümden ybarat iki möwsüme niýetlenýär. Ilkibaşdaky serialda baş keşbi janlandyran Killian Mýorfi ýerine ýetiriji prodýuser bolup çykyş eder.
“Kesgir gaşlar” serialy 2013-nji ýyldan bäri çykdy we 2022-nji ýylyň aprelinde alty möwsümden soň tamamlandy. Geçen ýylyň dekabrynda doly metražly film hem düşürilip tamamlandy, onuň premýerasy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Onuň wakalary XX asyryň başlarynda Birmingemde bolup geçýär. Filmde Killian Mýorfi ýene Tommi Şelbiniň keşbini ýerine ýetirdi. Aktýorlar düzümine Stiwen Grem, Tim Rot, Rebekka Fergýuson, Barri Keogan, Sofi Randl, Ned Dennehi, Paki Li we Ien Pek gatnaşdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....