OpenAI 500 milliard dollar bahasy bilen dünýäniň iň gymmat hususy kompaniýa boldy

  • 03.10.2025 17:59
  • 3.4k+

ChatGPT-ni döreden OpenAI kompaniýasy dünýäde iň gymmat hususy kompaniýa öwrüldi diýip, Bloomberg habar berýär. Gürrüň döwletiň  ýa-da döwlet edaralarynyň gözegçiliginde bolmadyk we hususy maliýeleşdiriş arkaly maýa goýumlaryny ýygnan kompaniýalar barada barýar.

OpenAI-niň 500 milliard dollarlyk täze bahasy häzirki we öňki işgärleri tarapyndan 6,6 milliard dollarlyk paýnama satylandan soň gazanyldy. Satyn alyjylar Thrive Capital, SoftBank Group, Dragoneer Investment Group, MGX we T. Rowe Price.
Kompaniýa öň 2025-nji ýylyň başynda SoftBankyň ýolbaşçylygyndaky maliýeleşdiriş tapgyrynda 300 milliard dollar bahasyna eýe bolupdy.
Ondan ozal iň gymmatly hususy kompaniýanyň ady Ilon Maskyň Raketa we kosmos kompaniýasy bolan SpaceX-sine degişlidi, onuň gymmaty 400 milliard dollar diýip bahalandyrylýar.
OpenAI emeli aň tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda dünýäde öňdebaryjydyr. Maý aýynda kompaniýa täjirçilige geçmejekdigini we telekeçilik däl guramanyň ýolbaşçylygynda galjakdygyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, OpenAI-iň häzirki wagtda has adaty söwda modeline geçmek mümkinçiligi barada Microsoft bilen gepleşik geçirýändigini habar berdi diýip, Bloomberg ýazýar.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......