Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň täze treýlerini görkezdi

  • 03.10.2025 17:14
  • 2.8k+

Netflix režissýor Gilýermo del Toro tarapyndan düşürilen “Frankenşteýn” romanynyň ekranlaşdyrmasynyň ikinji treýlerini çykardy. Platformada filmiň premýerasy 7-nji noýabra meýilleşdirilýär.

Baş keşpleri Oskar Aýzek, Jeýkob Elordi, Mia Got we Kristof Wals ýerine ýetirdi.
Film Meri Şelliniň belli gotiki romanyna esaslanýar. Sýužetiň merkezinde ölen adamlaryň böleklerinden täze bir jandary ýygnaýan alym Wiktor Frankenşteýn durýar. Ýöne onuň döreden zady duýdansyz ýagdaýda aňa eýe bolup, öz döredijisi üçin howpa öwrülýär.
Filmiň global premýerasy eýýäm 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynda boldy. Ol ýerde film tankytçylardan oňyn synlary we Rotten Tomatoes saýtynda 80% reýting aldy. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....