AirPods üçin oýun döredildi: ulanyjylar kellesini ýaýkap ýaryş motosiklini dolandyryp bilerler

  • 02.10.2025 11:47
  • 3.5k+

App Store-da RidePods atly adaty bolmadyk oýun çykdy, bu ýaryş oýnunda motosikli ekranyň düwmelerine basyp däl-de, kelläň hereketi bilen dolandyryp bolýar.

Ýaryş wagtynda oýunçylar ýolda motosikl sürmek bilen garşydan gelýän awtoulaglardan sowlup geçmäge we netijelerini ýokarlandyrmaga synanyşýarlar. Adaty ekranda dolandyryşyň ýa-da telefony öwürmegiň ýerine ulanyjy kellesini çep ýa-da sag egnine gyşartmaly.
Oýun iPhone-nyň we iPad-iň eýeleri üçin mugt, ýöne Apple-iň ähli gulaklyklary tarapyndan goldanylmaýar. Kelläniň hereketi bilen yzarlamak üçin AirPods Pro ýa-da AirPods 3 gerek, hut şu modeller kelläniň hereketini giňişlikde yzarlap bilýärler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...