Türkmenistanda filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalar geçiriler

  • 02.10.2025 11:14
  • 2.2k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Filosofiýa boýunça II Halkara olimpiadasy we Ykdysadyýet boýunça II Halkara olimpiadasy geçiriler. Olimpiadalary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) guraýar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşikler 20–24-nji oktýabr aralygynda onlaýn görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylar bir tapgyrda, şahsy tertipde bäsleşerler.
Olimpiadalaryň iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Olimpiada islendik ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşyp biler, gatnaşyjylaryň sany boýunça çäklendirme ýok.
Bellige almaklyk HYYÖU-nyň saýtynda 12-nji oktýabra çenli açyk bolar.
Goşmaça maglumat üçin telefonlar:
+993 12 39 85 50
+993 65 80 99 06

Elektron poçta: iuhdolympiads@gmail.com


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......