“Milanyň” we “Interiň” öý stadiony ýykylar

  • 30.09.2025 22:53
  • 10k+

Milanyň şäher geňeşi “San-Siro” stadionynyň ýerli “Inter” we “Milan” futbol klublaryna satylmagyny tassyklady. Bu barada La Gazzetta dello Sport habar berýär.

Çözgüt 30-njy sentýabra geçilen gijede bolan mejlisde kabul edildi, şertnamanyň bahasy 197 mln ýewro boldy.
Il Messaggero neşiriniň maglumatlaryna görä, bu meýdançada öý oýunlaryny geçirýän klublaryň ikisi-de ony ýykyp, täze, has döwrebap we rahat stadiony gurmagy meýilleşdirýär. Köne stadiony abatlamak işleri tehniki kynçylyklar sebäpli amatsyz hasaplandy.
Täze meýdançanyň gurluşygy 2027-nji ýylda başlar we 2032-nji ýylyň Ýewropa çempionatyna çenli tamamlanar. Ýykylmazdan ozal stadion ýene bir uly wakany kabul eder – 2026-njy ýylyň 6-njy fewralynda bu ýerde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar.
“San-Siro” 1926-njy ýylda açyldy we iki gezek – 1956-njy we 1989-njy ýyllarda durky täzelendi. Ol 80 müňden gowrak tomaşaça niýetlenýär. Stadion 1934-nji we 1990-njy ýyllaryň dünýä çempionatlaryny, 1980-nji ýylda Ýewropa çempionatyny, şeýle-de Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň iki finalyny we Çempionlar ligasynyň iki aýgytly oýnuny kabul etdi.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......