FIFA we Need for Speed oýunlaryny çykaryjy 55 mlrd dollarlyk şertnamadan soň eýesini çalşar

  • 30.09.2025 16:50
  • 2.9k+

Iň uly garaşsyz wideooýun çykaryjylaryň biri bolan Electronic Arts (EA) amerikan kompaniýasy 55 mlrd dollara maýadarlar konsorsiumynyň eline geçer. Satuw barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berildi.

Satyn alyjylar toparyna Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy (PIF), şeýle-de Silver Lake we Affinity Partners maýa goýum gaznalary girdi. Soňkusyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň giýewi Jared Kuşner eýeçilik edýär. RBK şertnamanyň hakyky bahasynyň 52,5 mlrd dollardygyny ýazýar. Bellemeli ýeri, PIF eýýäm EA-nyň paýnamalarynyň 9,9%-ine eýeçilik edýär.
EA şertnamanyň kompaniýanyň uzak möhletleýin strategiýasyny durmuşa geçirmegi çaltlaşdyrmaga we oýun pudagyny ösdürmäge kömek etjekdigini belleýär. Şertnama karz serişdelerini çekmek bilen taryhda iň uly satyn alyş bolar.
EA-nyň paýdarlary bir paý üçin 210 dollar alar – bu 25-nji sentýabrda söwdanyň ýapylyşyndaky 168 dollar bahadan 25% köpdür. Kompaniýanyň müdirler geňeşi eýýäm şertnamany makullady.
Şertnamanyň 2027-nji ýylyň birinji maliýe çärýeginde ýapylmagyna garaşylýar. Şondan soň EA hususy kompaniýa bolup, biržadan gider.
Electronic Arts 1982-nji ýylda esaslandyryldy we iň uly garaşsyz wideooýun çykaryjylaryň biri bolmagynda galýar. Onuň iň belli oýunlarynyň arasynda FIFA, Battlefield, The Sims we Need for Speed bar.
Bloomberg satmak kararynyň pandemiýa döwründe güýçli ösüşden soň oýun pudagynyň ösüşiniň haýallamagy sebäpli kabul edilendigini belleýär.

25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......