«Ofis» teleserialynyň ýyldyzlary «Kim millioner bolmak isleýär?» gepleşiginde 1 mln dollar utdular

  • 29.09.2025 14:43
  • 8.7k+

Meşhur «Ofis» sitkomynyň aktýorlary Keýt Flenneri we Oskar Nunýes «Kim millioner bolmak isleýär?» amerikan telegepleşiginde baş baýragy, ýagny 1 million dollar gazandylar. Olar bu puly haýyr-sahawat gaznalaryna ugratmagy meýilleşdirýärler.

Aktýorlara serialdaky öňki kärdeşi – Kewiniň keşbini ýerine ýetiren Braýan Baumgartner ýardam berdi. Braýan olara soňky tapgyrda «dostuňa jaň et» kömeginiň dowamynda dogry jogaby tapmaga ýardam etdi.
Bu ýeňiş Oskar Nunýes üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy, sebäbi ol häzirki wagtda «Ofisiň» spin-off-y bolan «Gazeta» atly serialda surata düşýär. Bu täze taslama Amerikanyň Orta Günbatar sebitindäki bir gazet redaksiýasynyň ýapylyş howpundan halas bolmak üçin žurnalistleriň goldawyny gözleýşi barada gürrüň berýär. Serial eýýäm ikinji möwsüme uzaldyldy.


düýn 12:34
1.4k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......