SAIC bilen Huawei-iň iň elýeterli krossoweri bir sagatda 10 müň deslapky sargyt toplady

  • 29.09.2025 14:20
  • 3.4k+

Hytaý bazarynda täze elektrikleşdirilen Shangjie H5 krossoweri üçin sargytlar kabul edilip başlandy. Modele bolan gyzyklanma diýseň uly boldy — ilkinji 60 minutda 10 müňden gowrak arza gelip gowuşdy diýip, CarNewsChina habar berýär.

Komplektasiýasyna görä H5-iň bahasy 159,8–199,8 müň ýuan (22,4–28 müň dollar) aralygynda bolýar. Bu bolsa onuň SAIC we Huawei hyzmatdaşlygynyň iň elýeterli krossoweri bolmagyna mümkinçilik berýär. Awtoulaglar müşderilere ýakyn günlerde eltilip başlanar.
Shangjie H5 orta ölçegdäki krossower bolup, onuň uzynlygy 4780 mm, ini 1910 mm, beýikligi 1664 mm, teker bazasy bolsa 2840 mm. Ol iki görnüşde hödürlenýär: gibrid we doly elektrik.

  • Gibrid görnüşi 1,5 litrlik generatorly benzin motory we 204 at güýji elektrik motory bilen enjamlaşdyrylan. Elektrik režiminde 235 km çenli, umumy ätiýaçlykda bolsa 1360 km ýol geçýär.
  • Elektrik görnüşi 204 ýa-da 245 a.g. motora, şeýle hem 64,6 ýa-da 80 kWt·s batareýa eýe bolup, bir zarýad bilen 525–655 km aralygy geçmäge mümkinçilik berýär.

Awtoulag Huawei autopilot ulgamy (lidar, radarlar, kameralar bilen), howpsuzlyk üçin 7 howa ýassygy, 10,25 we 15,6 dýuýmlyk ekranly multimediasy, panoramaly üçegi, gyzdyryjyly we wentýilýasiýaly oturgyçlary bilen enjamlaşdyrylan.
CarNewsChina ýazmagyna görä, H5-iň ilkinji sagatdaky netijesi gowy bolsa-da, ol öň Aito M7-niň rekordyndan pesdir — şol model bir sagatda 30 müňden gowrak sargyt toplan, hem-de has ýokary bahada hödürlenipdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......