Maks Werstappen “Ferraride” Nordşlýaýfedäki GT3 ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 29.09.2025 13:46
  • 2.3k+

27-nji sentýabrda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýaryş ýolunda NLS çempionatynyň esasy ýaryşy geçirildi. Onda “Formula-1-iň” dört gezek çempiony, niderlandly Maks Werstappen ýeňiji boldy. Ol Ferrari 296 awtomobilinde 22 ýaşly britaniýaly Kristofer Lulhem bilen bilelikde çykyş etdi.

Werstappen ýaryşa üçünji orundan başlady, ýöne eýýäm ilkinji aýlawlarda öňdebaryjylyga çykyp, ýaryşyň ikinji ýarymynda ulagy ýoldaşyna berdi. Werstappen – Lulhem dueti iň ýakyn bäsdeşlerinden 24 sekunt aratapawut bilen pellehana geldi.
Niderlandly sürüji üçin bu GT3 seriýasynda ilkinji ýaryş boldy. Gyzykly ýeri, ol “Formula-1-de” “Red Bull” toparynda çykyş edýän bolsa-da, bu ýaryşda onuň bäsdeşiniň – “Ferrariniň” başyna geçdi.
Ýatlap geçsek, ozal Werstappen Italiýada we Azerbaýjanda “Formula-1-iň” Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Çempionatyň häzirki möwsüminde ol umumy sanawda 255 utuk bilen üçünji orny eýeleýär, ondan öňde “Maklareniň” sürüjileri Lando Norris (299) we Oskar Piastri (324) bar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......