Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň täze treýleri çykdy

  • 29.09.2025 00:00
  • 4.9k+

Resmi Avatar YouTube kanalynda Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň ikinji treýleri peýda boldy. Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär.

Täze bölümde tomaşaçylar ilkinji gezek Kül obasyny – Mangkwan urugynyň öýüni görer. Birwagtlar olaryň ýerleri wulkan atylmagy sebäpli ýok edildi, indi bu halk wakanyň täze antagonisti bolar. Hudožnik-ýola goýujy Dilan Koulyň aýtmagyna görä, Kül obasynyň tüm-garaňky we ýowuz keşbi tomaşaçylaryň öwrenişen ýagty we janly Pandorasyna düýbünden çapraz gelýär.
Baş keşpleri Sem Uortington we Zoi Saldana ýerine ýetirdi. Şeýle-de, filme Sigurni Uiwer, Stiwen Leng, Keýt Uinslet, Kliff Kýortis, Britan Dalton, Jek Çempion, Triniti Jo-Li Bliss, Beýli Bass, Joel Dewid Mur, Edi Falko we Dilip Rao gatnaşdy.
Ilkibaşda Kemeron “Suw ýoly” bilen “Ot we külüň” sýužetini bir filmde birleşdirmegi meýilleşdiripdi, ýöne onuň möçberini göz öňünde tutup, wakany bölmek kararyna geldi.
Franşizanyň ilkinji iki filmi dünýä prokatynda 5,2 mlrd dollardan gowrak ýygnady, birinji “Awatar” üç “Oskar” baýragyny aldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....