Toyota kompaniýasy Fudzi dagynyň etegindäki Sidzuoka prefekturasynda “akylly” şäheri – Woven City-ny resmi taýdan açdy. Bu barada The Japan Times neşiri habar berýär.
Şeýle şäheri döretmek pikiri ilkinji gezek bäş ýyl ozal hödürlendi. Ol kompaniýanyň täze mobil we tehnologiki çözgütleri üçin synag meýdançasy bolar. Şäheriň ýaşaýjylary iki topara bölündi we adam gatnaşyklary arkaly innowasiýalary döretmegi göz öňünde tutýan Kakezan (“köpeltme”) konsepsiýasyny ösdürer.
Birinji topar “oýlap tapyjylar” diýlip atlandyrylýar. Oňa şäher önümlerini we hyzmatlaryny işläp taýýarlaýan we synagdan geçirýän telekeçiler, ylmy gözlegçiler we täzelikçiler girýär. Häzir bu topar 20 adamdan ybarat. Ilkinji “oýlap tapyjylaryň” arasynda Woven City-nyň senasyny ýazan we taslamanyň audiologotipini döreden aýdymçy we aýdym awtory Naoto Inti Raými bar.
Ikinji topar “dokmaçylar” diýlip atlandyrylar. Olar täze işläp taýýarlamalar bilen tanşyp, öz pikirleri bilen paýlaşar. Birinji tapgyrda olaryň sany 300 töweregi bolar. “Ussat dokmaçy” diýlip konserniň ýolbaşçysy Akio Toýoda yglan edildi.
Şäheriň aýratynlygy sürüjisiz awtomobiller üçin niýetlenen ýollar, şeýle-de ýükleri daşamak we synaglar üçin ýerasty ulgam bolar. Ýollar üç görnüşe bölündi: pyýadalar, pyýadalar we şahsy hereket serişdeleri, şeýle-de ulag serişdeleri üçin. Esasy ulag serişdeleriniň biri e-Palette şattl elektrokary bolar.
Woven City-de kompaniýanyň meşgullanjak taslamalarynyň arasynda söwda awtomatlarynyň we azyk medeniýetiniň täze konsepsiýalaryny işläp taýýarlamak, kofeniň döredijilige täsirini öwrenmek, täze bilim çemeleşmelerini ornaşdyrmak, adam bilen öý haýwanlarynyň gatnaşygyny ýokarlandyrmagyň usullaryny gözlemek, ses landşaftlaryny döretmek we awtonom mobil tehnologiýalaryny ösdürmek bar.