BMW ilkinji gezek wodorodly X5 krossowerini görkezdi

  • 25.09.2025 19:51
  • 6.4k+

BMW X5 krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Ol markanyň ilkinji modeli bolup, bäş dürli güýç ulgamynda elýeterli bolar: elektrik, tokdan zarýad edilýän gibrid, benzinli, dizelli we hatda wodorodly.

Kompaniýanyň metbugat gullugy wodorod ýangyç elementlerinden alnan elektrik energiýasynda işleýän ulgam bilen enjamlaşdyrylan, üsti örtülen bäşinji nesil X5-iň suratlaryny paýlaşdy.
BMW iX5 Hydrogen-iň ilkinji görkezilişi 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär. Ýangyç elementli ulgamlaryň tapgyrlaýyn öndürilişi Awstriýanyň Ştaýr şäherindäki zawodda ýola goýlar. Şeýle-de kompaniýanyň wekilleri BMW-niň Ýewropada wodorod dolduryş stansiýalarynyň ulgamyny giňeldýändigini aýtdylar.
iX5 Hydrogen-iň hereketlendiriji ulgamy BMW-niň Toyota bilen hyzmatdaşlykda taýýarlap ýören üçünji nesil ýangyç elementlerine esaslanýar. Markanyň bellemegine görä, täze güýç ulgamy öňkülerden has kiçi göwrümli, has kuwwatly we energiýa sarp edilişinde tygşytlydyr.
BMW-niň wodorod ulgamlarynyň ilkinji nesli 2014-nji ýylda ýörite çykarylan 535iA modelinde peýdalanyldy we dolulygyna Toyota tarapyndan üpjün edilýärdi. Ikinji nesil bolsa 2023-nji ýylda X5-iň öňki nesiline esaslanan az möçberde öndürilen iX5 Hydrogen modelinde ulanyldy we esasan synag üçin niýetlenendi.


18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......