Gazagystanly millioner “Realy” utan ýagdaýynda “Kaýratyň” oýunçylaryna awtomobil wada berdi

  • 22.09.2025 10:40
  • 15k+

Gazagystanly işewür Tursengali Alaguzow Almatynyň “Kaýraty” Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 2-nji oýnunda Madridiň “Realyny” utsa, toparyň futbolçylaryna awtomobil sowgat bermegi wada berdi.

Oýun 30-njy sentýabrda Aşgabat wagty bilen 21:45-de bolar.

“Biz 10 günden söýgüli “Kaýratymyzyň” Madridiň “Realy” bilen oýnajakdygyny bilýäris. Şonuň üçin men respublikanyň watançysy hökmünde we öz doglan günümiň öňüsyrasy “Kaýrat” topary utan ýagdaýynda oýnan oýunçylaryň ählisine awtomobil sowgat etjekdigime söz berýärin. Alma-Ata – dünýä paýtagty, “Kaýrat” – çempion!” – diýip, işewür öz wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Tursengali Alaguzow – multimillioner we alkogolsyz içgileri öndürýän “Galanz bottlers” kompaniýasynyň eýesi. Forbes Kazakhstan-yň maglumatlaryna görä, ol ýurduň iň baý işewürleriniň reýtinginde 61-nji orny eýeleýär. Onuň baýlygy 130 mln dollar diýlip hasaplanýar.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......