Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Silk Way Star bäsleşiginiň ilkinji üçlügine girdi

  • 23.09.2025 13:46
  • 17k+

20-nji sentýabrda Gazagystanda 12 ýurtdan gelen aýdymçylaryň gatnaşmagynda Silk Way Star atly aýdym-sazly bäsleşik başlandy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan aýdymçy Döwran Şammyýew çykyş edýär.

Ilkinji epizodda D.Şammyýew özüniň «Eşidýäňmi olary?» atly awtorlyk aýdymyny ýerine ýetirip, 120 bal toplady we liderleriň üçlügine girdi. Birinji orny Malaýziýadan gatnaşan Ýazmin Aziz (126 bal), ikinji orny bolsa Özbegistandan gelen Madinabonu Adylowa (122 bal) eýeledi.
Bäsleşikde öňde ýene 9 epizod bar. Onda gatnaşyjylara dürli ýumuşlar, medeniýetara duetler, dürli dillerde aýdymlar garaşýar. Umuman, taslama 10 epizoddan ybarat bolup, her biriniň dowamlylygy 100 minutdan köpdür.
Gepleşik her hepde görkeziler, ähli gatnaşyjy ýurtlaryň tomaşaçylary bolsa onlaýn ses bermäge gatnaşyp bilerler.
22-nji noýabrda Jibek Joly teleýaýlymynda we bäsleşige gatnaşyjy ýurtlaryň esasy teleýaýlymlarynda göni efirde geçiriljek uly finalda ýeňiji 50% eminler toparynyň karary, 50% tomaşaçylaryň onlaýn ses bermegi boýunça kesgitlener.
Öň habar berşimiz ýaly, halkara eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Klyçew hem girýär.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......