Özbegistanda uly gaz ýatagynyň üsti açyldy

  • 17.09.2025 16:43
  • 18k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň demirgazyk-günbatarynda – Garagalpagystanyň Üstýurt sebitinde uly gaz ýatagynyň üstüniň açylandygyny habar berdi. Muny respublikanyň Baştutanynyň metbugat gullugy ýetirýär.

Mirziýoýew ozal nebitgaz pudagynda gözleg işleriniň 2,5-3 müň metr çuňlukda geçirilendigini aýtdy. 2025-nji ýylda ýurduň senagat taryhynda ilkinji gezek 6 500 metr çuňlukda guýy burawlandy we hut şol ýerde uly gaz ýataklaryny tapmak başartdy. Şol bir wagtyň özünde, Prezident gaz gorlary barada giňişleýin maglumat bermedi.
Özbegistanda wolfram, molibden, titan ýaly minerallaryň ätiýaçlyklary köp.

“Hasaplamalara görä, şeýle baýlyklaryň dünýädäki gorlarynyň 10-15%-i Merkezi Aziýada, şol sanda Özbegistanda jemlenýär” – diýip, Mirziýoýew belledi. Ol bu baýlyklary ýokary bahaly önümlere öwürmek üçin ylmyň, bilimiň we innowasiýalaryň zerurdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Statistika agentliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistanda gaz önümçiliginiň möçberi 44,59 mlrd kub metr boldy, bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4,5% azdyr. Nebit önümçiligi 8,5% – 713 müň tonna çenli azaldy, gaz kondensatynyň önümçiligi bolsa 1,3% – 1 214 müň tonna çenli ýokarlandy. 


08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...