ABŞ-da enjam panelindäki näsazlyk sebäpli 590 müňden gowrak Toyota we Lexus yzyna gaýtarylýar

  • 22.09.2025 18:45
  • 9.3k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy enjam panelindäki bolup biljek näsazlyk sebäpli ABŞ-da 591 377 awtomobiliň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Kemçilik sebäpli sürüjiler tizlik, teker başyşy, tormoz ulgamynyň işi we beýleki görkezijiler ýaly möhüm maglumatlary görmän biler.

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy edarasynyň maglumatlaryna görä, yzyna gaýtaryş kampaniýasy şu aşakdaky modellere degişlidir:

  • 2023-2024-nji ýyllarda çykan: Toyota Venza, RAV4 we RAV4 Prime, Highlander, GR Corolla, Crown;
  • 2024-2025-nji ýyllarda çykan: Toyota Tacoma, Grand Highlander, Lexus TX we LS
  • 2025-nji ýylda çykan: Toyota Crown Signia, Camry, RAV4 Plug-In Hybrid, 4Runner, Lexus RX

Toyota 27-nji oktýabra çenli awtomobil eýelerine habarnama ýollap başlamagy meýilleşdirýär. Näsazlyklary düzetmek boýunça ähli işler, şol sanda programma üpjünçiligini täzelemek ýa-da enjam panelini çalyşmak işi mugt ýerine ýetiriler. 


18.05.2026 06:21
5.5k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

15.05.2026 11:08
3.1k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......