“Altyn topy” kim alar?

  • 20.09.2025 17:36
  • 15k+

22-nji sentýabrda Parižde 2024/25 möwsüminiň “Altyn top” baýragynyň 69-njy gezek gowşurylyş dabarasy geçiriler. Şu ýyl ol dördünji gezek senenama ýylynyň däl-de, möwsümiň jemi boýunça berilýär.

Geçen ýyl ýeňiji “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Rodri bolupdy. Şol wagt onuň Ýewro-2024-de Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen gazanan ýeňşi, şeýle-de Angliýanyň premýer-ligasynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda we UEFA-nyň Superkubogynda “ManSiti” bilen gazanan ýeňşi göz öňünde tutuldy. Ol dalaşgärleriň üçlüginde Çempionlar ligasynyň ýeňijilerinden – Madridiň “Realynyň” oýunçylary Winisius Žunior bilen Jud Bellingemden öňe geçdi. Şol wagt, gürrüňlere görä, Madrid kluby öz oýunçylaryna baýragyň berilmejekdigini öňünden bilip, guramaçylardan gaty gördi we soňky pursatda dabara gelmekden ýüz öwürdi.
Şu ýyl dalaşgärleriň sanawyna 30 futbolçy girdi we olardan üçden biri (9 oýunçy) geçen möwsüm Çempionlar ligasynda, Fransiýanyň çempionatynda we Kubogynda ýeňiji bolan “PSŽ-niň” oýunçylarydyr.
Köp futbol hünärmenleri, futbolçylar we hatda Avisia kompaniýasynyň emeli aňy “Altyn top” baýragyny Usman Dembele alar diýip hasaplaýar.
EA boýunça baýrak üçin esasy dalaşgärleriň ilkinji bäşligi bukmekerleriň pikirinden tapawutlanýar:

  1. Usman Dembele (“PSŽ”) – 72%
  2. Lamin Ýamal (“Barselona”) – 56%
  3. Witinýa (“PSŽ”) – 40%
  4. Mohamed Salah (“Liwerpul”) – 39%
  5. Rafinýa (“Barselona”) – 33%

Şeýle-de, Pariždäki dabarada zenanlaryň arasynda “Altyn top”, Kopa baýragy (21 ýaşa çenli iň gowy oýunçy), Ýaşin baýragy (iň gowy derwezeban), Gerd Mýuller baýragy (iň gowy bombardir), erkekleriň we zenanlaryň arasynda “Ýylyň kluby” baýraklary berler. Iki sany täze baýrak bilen erkekleriň we zenanlaryň arasynda “ýylyň tälimçisi-de” saýlanar.
Dabarany L'Equipe-iň resmi YouTube kanalynda görmek bolýar. Çäre 22-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlar.


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......