Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi

  • 24.09.2025 23:51
  • 21k+

24-nji sentýabrda irden Bangkokyň taryhy böleginde Wajir hassahanasynyň golaýynda uly oý emele geldi. Onuň çuňlugy, takmynan, 50 metre, diametri bolsa 30 metre barabar. Köçäniň bir böleginiň aşak çökmegi netijesinde awtomobiller we elektrik geçiriji liniýalaryň sütünleri ýeriň aşagyna gitdi.

Deslapky maglumatlara görä, hiç kim zyýan çekmedi diýip, South China Morning Post habar berýär.
Zyýan ýeten turbalardan suw akdy, üzülen kabeller bolsa uçgunlap başlady, bu hem şaýatlaryň arasynda howsala döretdi. Häkimiýet derrew ýollary ýapyp, hassahanadan hassalary we golaýdaky jaýlardan ýaşaýjylary ewakuasiýa etdi.
Tailandyň Milli maglumat edarasy çukuryň giňelmegini dowam etdirýändigini habar berdi. Häzir halasgärler we inženerler täze opurylmalaryň öňüni almak üçin topragy berkitmegiň üstünde işleýär.
Ýerli ýaşaýjylar çukuryň metro liniýasynyň gurluşygy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär, ýöne muňa resmi taýdan tassyklama ýok.
Bu ýagdaýy Aziýa inen güýçli “Ragasa” tupany has-da kynlaşdyrýar. Meteorologlar güýçli ygallaryň täze süýşgünlere we suw basmalaryna getirip biljekdigini duýdurýar.
Hadysanyň bolan ýerine Bangkokyň gubernatory Çadçart Sittipun geldi. Şäher administrasiýasy paýtagtyň derýanyň boýundaky düzlükde ýerleşýändigini, şol sebäpli topragyň gowşakdygyny, dykyz gurluşyklaryň bolsa ony has ejizledýändigini belledi.


düýn 07:41
8.8k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....