ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy

  • 26.09.2025 11:42
  • 6.6k+

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otaglaryna döwrebap enjamlar toplumy gowşuryldy. Serhet gözegçiligini kämilleşdirmek üçin niýetlenen bu enjamlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA 10 maksatnamasynyň çäklerinde berildi.

Bu başlangyç serhet weterinariýa gözegçiligini gowulandyrmaga hem-de hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Enjamlary gowşurmak dabarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maksatnamalar müdiri Borislaw Dimitrow gatnaşdy. Ol bu başlangyjyň Türkmenistanda we ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin strategik ähmiýetini belläp geçdi. BOMCA maksatnamasynyň utgaşdyryjysy bolsa, berlen enjamlaryň ýurduň weterinariýa gullugyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşjakdygyny nygtady.

Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we täze enjamlaryň bilim derejesini hem-de ýerli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylmagy weterinarlaryň okuw prosesini gowulandyrmaga, häzirki zaman tehnologiýalary ulanyp amaly sapaklary geçirmäge hem-de hünär başarnyklaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde bu ýagdaý weterinariýa gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk haýwanlarynyň ygtybarly goragyny we ilatyň saglygyny üpjün etmäge ýardam eder.


31.05.2026 13:30
6.4k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

27.05.2026 14:21
5.2k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....