Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

  • 26.09.2025 10:58
  • 2.7k+

25-nji sentýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty pudaklarynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, azyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, durmuş, zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.


düýn 22:20
2.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......