Hytaýly söweş sungatynyň ussady Hueý-I Saý ellerini ulanmazdan uly gylyjy aýlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Ol bir minutda gylyjy egniniň daşyndan 28 gezek aýlap, rekord goýdy. Şol wagt onuň elleri başga iki gylyç bilen meşguldy. Bu rekord öz görnüşinde ilkinji bolup, öň hiç kim şeýle synanyşyk etmändi.
Rekord Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen "Lo Show Dei Record" Ginnesiň rekordlar şüweleňinde goýuldy.