Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner

  • 25.09.2025 20:00
  • 8k+

Astronomlar uzak wagt bäri sorag döredýän adaty bolmadyk ýyldyz ulgamynyň syryny açdylar. Gürrüň Betelgeýze — Günüň yzysüre asmandaky iň ýagty ýyldyz — we onuň ýaş egindeş ýyldyzy barada barýar. Alymlaryň pikirine görä, birnäçe ýyldan Betelgeýze supernowa hökmünde partlap biler we onuň ýalynyny Ýerden hatda gündiz hem görmek mümkin bolar.

Ulgam ak girdenekden we egindeş ýyldyzynyň utgaşmasyndan ybarat, olar biri-biriniň daşyndan takmynan iki günde iki gezek aýlanýarlar. Ol Orion ýyldyz toplumynda, takmynan 10 müň ýagtylyk ýyly aralykda ýerleşýär. Barlaglar Betelgeýzäniň egindeşinden maddany “alýandygyny” we ony alawlaýan massa öwürýändigini görkezdi. Bu hadysa ýyldyzynyň ýüzünde termoýadro reaksiýalary döredýär.
Toplanan massa Çandrasekar çäkden (1,38–1,44 Güne deň massa) geçende, ak girdenek supernowa hökmünde partlar we ýoldaşyny doly ýok eder.
Alymlar bu netijelere Çilidäki Atakama çölünde ýerleşýän Very Large Telescope toplumynyň teleskoplaryndan alnan maglumatlary seljerip geldiler. Ulgamyň daşyndan ýyldyz tarapyndan “ogurlanan” maddadan emele gelen äpet gaz halkasy tapyldy, bu bolsa onuň ýokary işjeňdigine subutnama boldy.

«Iki ýyldyz ahyrynda biri-biri bilen çaknyşyp partlanda, bu şeýle güýçli supernowa bolar welin, onuň ýalynyny Ýerden hatda gündizem görmek mümkin bolar» diýip, Monthly Notices of the Royal Astronomical Society žurnalynda ýakynda çap edilen barlagda aýdylýar.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...