Xiaomi Pad mini, Redmi Pad 2 Pro planşetleri we global HyperOS 3 hödürlendi

  • 25.09.2025 19:00
  • 2.3k+

Xiaomi kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, Xiaomi 15T we 15T Pro smartfonlaryndan başga-da, täze planşetlerini – ykjam Xiaomi Pad mini-ni we Redmi Pad 2 Pro seriýasyny hödürledi.

Xiaomi Pad mini täzelenme ýygylygy 165 Gs bolan 8,8 dýuýmlyk displeýe, MediaTek Dimensity 9400+ çibine, 12 GB operatiw ýada we 512 GB hemişelik ýada eýe boldy. Kameralar – 13 we 8 Mp, akkumulýator – 67 Wt çalt zarýad alyş bilen 7500 mA/sag. Baha 429 ýewrodan başlaýar.
Redmi Pad 2 Pro üç wersiýada elýeterli: Wi-Fi, 5G we ýylpyldysyz aýna bilen. Olaryň ählisi durulygy 2,5K, täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan we gözüňi gök ýagtylykdan goraýan 12,1 dýuýmlyk ekran bilen üpjün edildi. Içinde Snapdragon 7s Gen 4 prosessory, 8 GB çenli operatiw ýat we 256 GB hemişelik ýat bar. Kameralar – 13 Mp, akkumulýator – 33 Wt çalt zarýad alyş bilen 12 000 mA/sag. Baha 299,90 ýewrodan başlaýar.


Şol çärede Xiaomi HyperOS 3-üň global wersiýasyny hem hödürledi. Oktýabrdan ulgam onlarça smartfonlar we planşetler üçin çykyp başlar. Ony ilkinji bolup Xiaomi 15T, 15T Pro, täze planşetler we dakylýan gurluşlar alar. Täzelenme döwri 2026-njy ýylyň martyna çenli dowam eder we 50-den gowrak modeli gurşap alar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...