1-nji oktýabrdan Aşgabat-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň sany günde iki gezege çenli azaldylar

  • 25.09.2025 14:37
  • 12k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny günde üç gezekden iki gezege çenli azaldar. Täzelenen tertip awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Beýleki içerki ugurlar boýunça uçuşlaryň ýygylygy öňküligine galýar. Aşgabat – Balkanabat we Aşgabat – Daşoguz ugurlaryna hepdede bäş gatnaw, Aşgabat – Türkmenabat ugruna alty gatnaw, Aşgabat – Mary ugruna üç gatnaw, Aşgabat – Kerki ugruna bolsa iki gatnaw amala aşyrylar.
Şol bir wagtyň özünde sebit merkezleriniň arasynda hem göni howa gatnawlary dowam eder. Daşoguzdan Balkanabat, Türkmenabat we Mary şäherlerine, Türkmenabatdan Balkanabata, Mary bilen Kerkiden hem Balkanabada uçuşlar üpjün ediler.
Awiakompaniýa uçuş wagtynyň tehniki we ýerine ýetiriliş şertlerine görä üýtgäp biljekdigini belleýär. Käbir giçki gatnawlar bolsa, barmaly nokadyna ertesi gün ýetýär.
Uçuşlaryň doly tertibi we wagty bilen tanyşmak üçin ýolagçylara öňünden awiakompaniýanyň resmi sahypasyny barlamak maslahat berilýär.


27.01.2026 22:15
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.8k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...