Beýik Britaniýada gadymy “arwahly gala” satuwa çykaryldy

  • 24.09.2025 14:23
  • 12k+

Beýik Britaniýada XVI asyryň ortasynda gurlan gadymy Danski galasynyň satuwy barada bildiriş peýda boldy. Gala deňziň gyrasyndaky beýik gaýada ýerleşýär we internet ulanyjylary onda arwahlaryň bardygyny aýdýar diýip, The Mirror habar berýär.

Danski şol döwrüň binagärlik ýadygärlikleriniň sanawyna girizildi we 1500-nji ýylda ýumrulan has irki Ader galasynyň ýerinde dur. Ol Portpatrik bilen Morrohyň arasyndaky kenarýaka ýolunda, çet ýerde ýerleşýär, bu hem oňa taryhy gözelligi berýär. Açyk howada bu ýerden deňzi we hatda 32 km-den gowrak uzaklykda ýerleşýän Demirgazyk Irlandiýany görmek bolýar.
Gala birwagt öz bitewiligini ýitirdi. Harabalyga Ader galasyndan saklanyp galan gorag garymyndan geçýän kenarýaka ýodasy boýunça baryp bolýar. Saklanyp galan diwarlaryň ýogynlygy 152 sm, binanyň beýikligi 30 m ýetýär. Gümmezli ýerzeminiň we gözegçilik diňiniň hem bölekleri galypdyr. Gala, takmynan, 1700-nji ýyldan bäri taşlangy dur we häzir syýahatçylar üçin özüne çekiji bina hasaplanýar.
Taryhy desga Strutt and Parker kompaniýasy tarapyndan satuwa çykaryldy. Onuň bahasy azyndan 100 müň funt sterlinge (takmynan, 135 müň dollar) barabar.
Rowaýatlaryň birine görä, bu galanyň ýerzeminlerinde gizlin tunneli tapan şahyr-sazanda saklanypdyr. Tupanly gijelerde bu ýerde deňiz tolkunlarynda onuň fleýtasynyň sesi eşidilýärmiş. Stories Collection saýtynda onuň deňziň kenaryndaky gowakdan çykyp bilmän, kösenip aradan çykandygy, onuň ruhunyň bolsa gijelerine galada gezmeleýändigi gürrüň berilýär.


11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.6k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
928

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......