Türkmenistan Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşdy

  • 24.09.2025 10:31
  • 5.8k+

23-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň III Parlamentara forumy geçirildi. Oňa sebitiň döwletleriniň parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistana bu çärede ýurdumyzyň ilçisi Nury Gölliýew wekilçilik etdi.

Forumyň gün tertibine parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ykdysady hyzmatdaşlyk, migrasiýa prosesleriniň düzgünleşdirilmegi we sanlylaşdyrma meseleleri girizildi.
Türkmen tarapy goňşuçylyk syýasatyna hem-de konstruktiv hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, parlamentleriň diplomatiýasynyň sebitleýin parahatçylygy, durnuklylygy we ynamy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine üns çekdi. Şeýle-de 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljekdigi aýratyn nygtaldy.
Forumyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar Bişkek Jarnamasyna gol çekdiler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentara dialogy ösdürmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we sebitde durnukly ösüş üçin bilelikdäki çözgütleri gözlemäge ymtylýandygy beýan edildi.
Indiki, IV Parlamentara forumyny Täjigistanda geçirmek kararyna gelindi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
759

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......