iPhone 17 Pro Max batareýasynyň işleme wagty boýunça Samsung Galaxy S25 Ultra-dan öňe geçdi

  • 23.09.2025 19:07
  • 11k+

iPhone 17 Pro Max akkumulýatordan işleýiş wagty boýunça iň gowy netijäni görkezdi diýip, Mrwhosetheboss portalynyň geçiren testleri tassyklaýar. Deňeşdirme synaglarynda Samsung Galaxy S25 Ultra 11 sagat 58 minut işlän bolsa, iPhone 17 Pro Max doly 13 sagat işledi.

Test üçin iPhone 17 Pro Max-yň fiziki SIM-kartaly britan wersiýasy ulanyldy. ABŞ-da we käbir beýleki ýurtlarda satylýan eSIM wersiýasy bolsa has uly akkumulýatora eýedir.
Ilki bilen 7 sagat 18 minutda iPhone Air öçdi. Üç sagat soň esasy iPhone 17 doly durdy, onuň yzysüre bolsa iPhone 17 Pro. Hatda geçen ýylky flagman iPhone 16 Pro Max hem Samsung Galaxy S25 Ultra-dan öňe geçdi — onuň netijesi 12 sagat 15 minut boldy.
Synag wagty Mrwhosetheboss TikTok we X ýaly sosial ulgamlar arkaly skroll etdi, Slack ýaly işläp taýýaryş programmalaryndan peýdalandy, wideo ýazdy, Spotify arkaly aýdym diňledi we başga amallary ýerine ýetirdi.
Şol bir testiň Geekerwan tarapyndan geçirilen görnüşinde hem fiziki SIM-li iPhone ulanyldy. Onuň bellemegine görä, 17-nji seriýa öňki modellere garanyňda ep-esli öňe geçdi: iPhone 17 Pro Max öňküsinden iki sagat diýen ýaly köp işledi. Hatda esasy iPhone 17 hem iPhone 16 Pro Max bilen deňleşdi diýen ýaly.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....