iFixit iPhone Air-i söküp, onuň bejermäge ýaramlylygyny bahalandyryldy

  • 23.09.2025 18:53
  • 3.6k+

iFixit-iň hünärmenleri täze iPhone Air modelini söküp gördüler we inçe korpusyna garamazdan, telefonyň bejermek üçin amatlydygyny aýtdylar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, detallaryň aglaba bölegi korpusyň ýokarky böleginde — kamera blogunyň golaýynda jemlenipdir. iFixit blogunda modeliň içki gurluşyny görkezýän 3D-rentgen suraty hem paýlaşyldy.
Aýratynam bellenilişi ýaly, batareýany çalyşmak öňküsi ýaly aňsat. Bu bolsa metal korpusa we Apple-iň geçen ýyl ilkinji gezek hödürlän ýörite ýelim lentalaryna baglydyr. Ol lentalaryň kömegi bilen üçünji tarap öndürijileriniň batareýalaryny hem ulanyp bolýar.
Mundan başga-da, iPhone Air-de çalşylýan modul görnüşli USB-C port bar. Ol döwlen halatynda täze port bilen çalşyp bolýar.
Täze aýratynlyklaryň biri hem — OLED-displeýe degmän korpusy açyp bolmagydyr. Munuň özi ilkinji gezek iPhone 14-de ulanylan orta ramka gurluşy bilen mümkin boldy.
Netijede, iFixit iPhone Air-iň abatlaýyş derejesini 10-dan 7 bala bahalady. Mundan öň şeýle netijä iPhone 16e we iPhone 16 Pro modelleri hem eýe bolupdy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...