Türkmenistan Hytaýyň Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi

  • 23.09.2025 18:30
  • 2.8k+

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hançžou şäheriniň (HHR) Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar, sebitara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine üns berdiler.
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Arkadag şäherine ýokary baha berlip, Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti tarapyndan oňa “ýaşyl” we ekologik taýdan arassa şäher hökmünde Üstünlik güwänamasynyň gowşurylandygy aýratyn bellenildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny, şeýle hem innowasiýalar, emeli aň we ýokary tehnologiýalar ulgamynda, şol sanda «akylly şäher» taslamalaryny we şäher infrastrukturasyna innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda esasy garalan meseleleriň biri ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek boldy. Türkmen tarapy Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde sport alyşmalaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......