Google emeli aňy we interneti ösdürmek üçin Afrika milliardlarça dollar maýa goýýar

  • 23.09.2025 17:12
  • 1.6k+

Alphabet-iň golçur kompaniýasy bolan Google Afrikada dört sany täze infrastruktura merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Olar kompaniýanyň iň täze suwasty optiki süýümli kabellerini yklymyň dürli sebitlerine - demirgazyga, günbatara, günorta we gündogara birikdirerler. Bu barada Google-yň Afrika boýunça dolandyryjy müdiri Aleks Okosi Bloomberg teleýaýlymyna beren interwýusynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Afrika emeli aňyň ulanylmagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. "AI-niň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmak üçin Afrika maýa goýmak biziň üçin möhümdir" – diýip, Okosi belledi.
Bu merkezlere suwasty kabelleriň işlemegi üçin zerur bolan ýerüsti stansiýalar we maglumat merkezleri girýär. Okosiniň sözlerine görä, bu "täze maýa goýumlardyr" we tehnologiýa ägirdiniň 2021-nji ýylda Afrikanyň ösüşi üçin bäş ýylyň dowamynda 1 milliard dollar bölüp bermek baradaky wadasy agzalan mukdardan geçdi.
Taslama hyzmatlaryň gymmat we ygtybarsyz bolmagynda galýan yklymyndaky internet birikmesini gowulandyrmagy maksat edinýär, ondaky bökdençlikler köplenç suwasty kabelleriň zaýalanmagy sebäpli ýüze çykýar.
Üstümizdäki ýylda Google Afrikada iki sany iň täze kabeli – Equiano-ny we Umoja-ny goýmagy meýilleşdirýär. Merkezleriň gurluşygynyň üç ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar. Bu müşderiler üçin giň zolakly internete elýeterliligiň çykdajylaryny azaltmaga kömek eder diýlip garaşylýar.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......