Ganatynyň bolmagy ýöne ýere däl... Düýeguşlaryň we emularyň ata-babalarynyň uçup bilendigi anyklandy

  • 23.09.2025 17:09
  • 6.7k+

Alymlar düýeguşuň, emunyň, kazuaryň, kiwiniň we nandunyň ata-babalarynyň uçmaga ukyply bolandygyny ýüze çykardylar. Paleognatlar diýlip atlandyrylýan bu maşgalanyň häzirki zaman wekilleri ewolýusiýanyň netijesinde, indi diňe ylgamaga ukyply bolansoň bu ukybyny ýitiripdir.

Olar diňe gysga aralyga uçýarlar, mysal üçin, Merkezi we Günorta Amerikanyň tinamousy diňe howpdan gaçmaga mejbur bolanda ýa-da päsgelçilikden geçmeli bolanda diňe gysga aralyga uçup bilýär.
Käbir alymlar 160 million ýyl ozal Gondwana superkontinenti Günorta Amerika, Afrika, Awstraliýa, Hindistan, Täze Zelandiýa we Antarktidany emele getirip, dargap başlanda guşlaryň ata-babalarynyň bölünip başlandygyny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, genetiki barlaglar "paleognatyň görnüşleriniň ewolýusiýa bölünişigi yklymlar eýýäm bölünip aýrylandan soň bolup geçendigini" görkezdi diýip,  Smitsonow Milli tebigatyň taryhy muzeýinden barlagyň baş awtory Klara Uidrig gürrüň berdi.
Alymlar paleogenow döwrüne degişli (66–23 million ýyl ozal) Lithornis promiscuus galyndylaryny öwrendiler. Uçuş myşsalarynyň birigen döş süňki gaty gowy saklanypdyr diýen ýaly. Derňew guşuň ýa-ha ganatlaryny yzygiderli kakyp, ýa-da ganat kakmagy süýşmek bilen utgaşdyryp uçup biljekdigini ýüze çykardy.
Paleognatlaryň uçuş ukybyny ýitirmegi iki faktor bilen baglanyşykly: gury ýerde iýmit tapmak mümkinçiliginiň bolmagy we ýyrtyjylaryň ýoklugy. Takmynan 65 million ýyl ozal dinozawrlaryň ýok bolup gitmegi bilen iri ýyrtyjy haýwanlar ýitirim bolýar, bu bolsa guşlara emu we düýeguş ýaly çalt ylgaýjylara öwrülmäge ýa-da kazuarlar ýaly güýçli we howply bolmaga maý berýär.
Bu barlag Royal Society's Biology Letters žurnalynda çap edildi.


düýn 10:01
3.4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......