Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar

  • 22.09.2025 00:23
  • 9.6k+

Şu ýylyň dekabrynda Hytaýyň China Eastern Airlines awiakompaniýasy Şanhaý bilen Buenos-Aýresiň (Argentina) arasynda täze gatnaw ugruny açar. Bu dünýädäki iň uzak göni uçuş bolar diýip,  China Daily ýazýar.

Bu ýoluň uzynlygy 19 631 kilometre barabar bolar. Şanhaýdan gaýdanda uçuş wagty takmynan 25 sagat 30 minut, yza gaýdyşda bolsa uçuş 29 sagada golaý dowam eder, bu garşylyklaýyn ýel bilen düşündirilýär. Uçuşlar, Oklendde tehniki duralga bilen, Boeing 777-300ER uçarlarynda amala aşyrylar. Ýolagçylar tranzit zolagynda galar we olara gatnaw ugruny üýtgetmek gerek bolmaz.
Deňeşdirmek üçin, üznüksiz uçuşlar boýunça häzirki rekord Singapore Airlines tarapyndan ýerine ýetirilýän Singapur-Nýu-Ýork ugrunda (17 662 km, takmynan 19 sagat) saklanýar. Ekonom-klas gatnawlarynyň arasynda rekord Air China-ä degişlidir: Pekin - San-Paulu Madridiň üsti bilen (17 583 km).


şu gün 09:50
3.2k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.6k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......