Gibridleriň we elektromobilleriň dünýädäki satuwy ýylyň başyndan bäri 25% ösdi

  • 18.09.2025 10:11
  • 1.9k+

2025-nji ýylyň awgust aýynda dünýäde 1,7 million gibrid we elektrik ulagy satyldy. Bu geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 15% köp. Ýylyň başyndan bäri satuw 25% ýokarlandy, ýöne esasy ösüş iň uly bazarlaryň daşyndaky sebitlerde bolup geçdi diýip,  Rho Motion seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Electrek neşiri ýazýar.

Awgust aýynda satuwyň mukdary, iýul bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlandy. Akkumulýator bilen işleýän elektrik ulaglary 1,16 million, zarýad berilýän gibridler bolsa 570 müň boldy. Ýanwar-awgust aýlarynda ulaglaryň jemi 12,5 million sanysy satyldy.
Şol bir wagtyň özünde bazaryň ösüşi deň derejede däl. Demirgazyk Amerikada ABŞ-da ýerli ýygnalan elektrik ulaglaryna subsidiýa bermek maksatnamasynyň ýakyn wagtda ýapyljakdygy sebäpli satuw rekord derejä ýetdi. Kanadada, tersine, döwlet goldaw maksatnamalary togtadylandan soň, ýylyň başyndan bäri üçden bir esse peselendigi hasaba alyndy.
Ýewropada ösüş has berk daşky gurşaw talaplary bilen şertlendirildi. Germaniýada we Angliýada satuwlar degişlilikde 45% we 31% ýokarlandy. Ispaniýada bu görkeziji iki esse artdy, Italiýada 41%, Fransiýada bolsa 9% ösüş bilen çäklendi.
Umuman aýdanyňda, dünýä bazary 25% ösüp, 12,5 million awtoulag boldy. Ýewropada satuw 31% (2,6 million), Demirgazyk Amerikada - 6% (1,3 million) ýokarlandy. Beýleki ýurtlarda ösüşiň umumy mukdary 1 million ulag boldy, şeýlelikde  ösüşiň depgini 44 göterime ýetdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......