Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler

  • 14.09.2025 23:25
  • 3.7k+

Guandunyň Günorta ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary sanly maglumatlary saklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar 1980-nji ýylyň äheňindäki ýüzüne dezoksiribonuklein kislotasynyň sintetiki molekulalary çap edilen plastik lentany öz içine alýan "DNK-kassetany" işläp taýýarladylar. Işläp taýýarlama barada Science neşiri habar berýär.

Taslamanyň awtory Sinýu Szýanyň sözlerine görä, DNK-nyň molekulalaryny sanly maglumatlary saklamak üçin programmirläp bolýar. "Birlikleriň we nollaryň" ornuny azotly esaslar - adenin, guan, timin we sitosin tutýar. Şeýle tehnologiýa islendik faýly: aýdym-sazy, şekili, wideony ýa-da teksti ýatda saklamaga mümkinçilik berýär.
Maglumatlary okamagy aňsatlaşdyrmak üçin alymlar lenta maglumatlary kategoriýalaşdyrýan ştrih kodlary geçirdiler.

"Ştrih-kodlar arkaly DNK-daky maglumatlary okamak kitaphanada kitap gözlenen ýalydyr. Ilki bilen kitabyň haýsy tekjededigini gözleýärsiň, soňam beýlekileriň arasyndan tomy tapaýmaly" diýip, Sinýu Szýan belledi.

Täze maglumat göteriji uly göwrümli maglumatlary saklamaga ukyply: 100 metr lenta hersi 10 megabaýtdan 3 milliarddan gowrak aýdym-saz faýly sygýar. Jemi kuwwaty 36 petabaýt bolýar. Lenta ýazgylaryň hilini asyrlarboýy saklaýan seolit imidazolatyň ýörite örtügi bilen goralýar.
Ýeke-täk ýetmezi, ol hem oýlap tapyşy adaty pleýerde diňlemek mümkin däl. Enjamyň formatlary adaty däl. "DNK-kaseta" bilen işlemek üçin ýörite enjamlar zerurdyr.


şu gün 16:08
1.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

düýn 10:01
3.7k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....