Xiaomi dişiň sagdylygyny seljerýän akylly diş çotgasyny çykardy

  • 14.09.2025 21:23
  • 3.1k+

Xiaomi kompaniýasy elektrikli Mijia Servo-Sonic Electric Toothbrush Pro diş çotgasyny hödürledi. Täze önümiň esasy aýratynlygy häzirki wagtda reaksiýa berýän reňkli LCD displeýidir diýip, GizmoChina habar berýär.

Şeýle hem çotga awtonomlygy bilen hem täsir galdyrýar - 180 güne çenli zarýad berilmezden işläp bilýär.
Diş çotgasy 60 dereje yrgyldaýan sero-ses hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr, Xiaomi-niň maglumatyna görä bu, Bassyň çotga usulyna meňzeýär. Şeýle gurluş  arassalaýyş aralygyny, öňki modeller bilen deňeşdirilende, üç esse artdyrýar.
Gurlan alty okly giroskop dişiň üstüni takyk kesgitleýär we zolaklar boýunça birme-bir arassalanmagyny üpjün edýär. LCD displeý arassalaýşyň dowamlylygyny, zolagyň örüsini we hapa örtüginiň ýagdaýyny görkezýär. Akylly basyş datçigi gaty güýçli basylanda gyzyl yşyk we yrgyldy bilen duýduryş berýär we diş etini goramak üçin kuwwaty awtomatiki usulda peseldýär.
Toplumda iki sany missiz çotga başy bar. Adaty çotganyň başynda goşa aýlaw sütünjikleri we hapany netijeli aýyrmak üçin ýarym aý şekilli tüýler bar. Ikinji çotga başy dişiň etine ideg etmek üçin niýetlenendir we tüýleri aýlawly tertipde ýerleşen. Çotga başlarynyň ikisinde-de çalyşmagyň zerurdygyny görkezýän reňkli tüýler bar.
Mijia firma programmasy arassalaýyş usullaryny sazlamaga, güýç we hereket parametrlerini düzmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem arassalaýyş hasabatlaryny berýär: dowamlylygy, basyş zolaklary we hapa örtüginiň döremek töwekgelçiliginiň  derňewi.
Xiaomi çotganyň ýumşak režimde 180 güne, adaty režimde 100 güne çenli işleýändigini aýdýar. USB-C arkaly zarýad alýar, bir gezek arassalamak üçin iki minutlyk zarýad ýeterlik.
Enjam eýýäm Hytaýda 269 ýuana (takmynan 38 dollar) satylýar.


24.05.2026 06:47
3.4k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.4k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......