Tozganyň üflenişine ylmy makala bagyşladylar

  • 14.09.2025 20:01
  • 1.8k+

Näme üçin tozganyň tohumlary sürtülmä garşy durup bilýär-de, şemalyň güýjüne aňsatlyk bilen uçup gidýär? Alymlar bu sowala jogap tapmak üçin tutuş bir barlag geçirdiler we netijede ýeliň ugruna baglylykda, tohumy boşatmak üçin zerur güýjüň 100 gezekdenem köp üýtgäp biljekdigini anykladylar.

Alymlar şemalyň ugrunda duran tohumlaryň ilki uçýandygyny, garşy tarapda duranlaryň bolsa uzagrak saklanýandygyny öňräkden bäri synlap gelýärler. Munuň sebäbine düşünmek üçin barlagçylar tozgalaryň başjagazlaryna inçe simleri dakdylar, olary güýç datçigine birikdirdiler we ýeli simulirlemek bilen tohumlary dürli taraplara bakdyryp çekdiler.
Görnüşi ýaly, şemalyň gelýän tarapyndaky tohumlar ýokaryk egilýär, garşy tarapyndakylar bolsa aşak egilýär eken. Aşaky tohumlary sogurmak üçin, ýokarkylaryňka garanda, azyndan bäş esse köp güýç gerek we ýeliň tizligi iki esse köp bolmaly. Tohumlaryny gös-göni tohum gozasyndan çykaryp almak ondanam kyn, munuň üçin 30 esse güýç zerur.
Sebäbi tohumyň berk ornaşyp oturyşy bilen baglanyşykly. Ol baldagyň ýokarsynda bitişik ýerleşýän nal şekilli oýukda berkidilen. Ýel tohumy göterende, baldak egilýär we düýbi gowşak gyradan aňsatlyk bilen ýolnup aýrylýar. Aşak düşürilende düýbündäki goşmaça dokuma düşýän agramy bölekleýin özüne siňdirýär, göni çekilende bolsa tohum ýerinde galýar.
Şeýle gurluş tohumlaryň şemaldan ýa-da tozga üfleýän adamyň deminden has köp ýolunmagyny we ýere gaçman, uçup gitmegini üpjün edýär.
Ylmy barlaglaryň netijeleri Journal of the Royal Society Interface-de çap edildi.


şu gün 16:08
1.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

düýn 10:01
3.7k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....