Hytaýda bir minutda iPhone 17-ni iPhone 16-nyň bir gündäki möçberinden hem köp sargyt etdiler

  • 14.09.2025 15:34
  • 7.6k+

12-nji sentýabrda Hytaýyň uly onlaýn platformalarynda täze iPhone 17 smartfonlary üçin deslapky sargytlar başlandy. JD.com-yň maglumatlaryna görä, sargyt kabul edilip başlanandan soňky bir minutyň içinde iPhone 17-niň satuwy iPhone 16 hatarynyň ilkinji günündäki satuw möçberinden hem köp bolup, täze rekord goýdy.

Deslapky sargytlaryň sany boýunça jikme-jik maglumatlar hödürlenmeýär.
ITHome portaly diňe JD.com platformasynda bir günde diýen ýaly tas 6 mln sargydyň kabul edilendigini ýazýar. Bu ýerde iň meşhur model esasy iPhone 17 boldy (2,694 mln deslapky sargyt). Soňra iPhone 17 Pro Max (1,744 mln sargyt) we iPhone 17 Pro (1,402 mln sargyt) gelýär.
Kompaniýanyň taryhynda iň inçe model bolan iPhone Air Hytaýda soňky pursatda deslapky sargytlar üçin elýeterli modelleriň sanawyndan aýryldy. Apple kompaniýasy hytaý häkimiýetleri bilen eSIM kartlaryny ulanmak babatyndaky meseläni ylalaşýança, smartfonyň satuwa çykmagy soňa goýuldy. 


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......