Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji kitaphananyň açylmagynyň 130 ýyllygy bellenilip geçildi

  • 13.09.2025 17:49
  • 4.6k+

Aşgabatda ýurdumyzda ilkinji kitaphanasynyň döredilmeginiň 130 ýyllygy bellenildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilip, kitap muşdaklaryny, kitaphana işgärlerini we medeniýet işgärlerini jemledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Ýubileý sene mynasybetli kitaphananyň işjeň işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çykyşlarda kitaphananyň tutuş taryhy döwründe hemmeler üçin elýeterli bolup galandygy nygtaldy.
Ilkinji Zakaspiý oblastynyň jemgyýetçilik kitaphanasy 1895-nji ýylyň awgustynda Aşgabatda açylyp, birnäçe müň kitaby öz içine alýardy. Ilkibaşdan ol ýurduň ähli künjekleri üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat etdi. 1948-nji ýylyň ýertitremesi binany we kitaphana gaznasyny ýok etse-de, birnäçe aýdan soň kitaphana öz işini täzeden dowam etdirip başlady.
Häzirki wagtda Döwlet kitaphanasy döwrebap ylmy-informasiýa hem-de medeni-aň-bilim merkezidir. Onuň gaznasynda 5,6 million neşir bar. Kitaphananyň işi giň ugurlary öz içine alýar — seýrek kitaplary dikeltmekden başlap, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga çenli. Şeýle hem bu ýerde göçme sergiler we edebi agşamlar guralýar.
2025-nji ýylyň ýanwarynda 2025–2029-njy ýyllar üçin kitaphana ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Resminamada kitaphana işini kämilleşdirmek, innowasiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzdaky kitaphanalaryň işini goldamak boýunça wezipeler kesgitlenildi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....