Oktýabryň ahyrynda Germaniýada Türkmen ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

  • 11.09.2025 20:26
  • 2.7k+

2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler. Çäre Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we TMT Consulting Group çykyş edýär. Çäre Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň we Mittelstand birleşiginiň goldawy bilen guralýar. Foruma bu guramalara agza öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşar. Olar üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin zerur tejribä we mümkinçiliklere eýe.
Ösen tehnologiýalara eýe bolan Germaniýa bilen giň önümçilik kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlar boýunça tagallalaryny birleşdirmegi meýilleşdirýär. Olaryň hatarynda: maliýe, saglygy goraýyş, söwda, ulag, nebitgaz we nebithimiýa pudagy, oba hojalygy we dokma senagaty bar.
Forum tejribe alyşmak, uzak möhletli işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak üçin möhüm meýdança bolar.
Guramaçylar işewürleriň we bilermenleriň Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine gatnaşyp, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga we ykdysady gatnaşyklary berkitmäge çagyrýarlar.
Goşmaça maglumat üçin salgy: https://tmt.tm/ru/event/turkmenistan-economy-days
Telefon: +99361776088
E-poçta: kemal.ferd@cci.gov.tm


şu gün 15:42
276

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......