Superkompýuter Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp biljek topary aýtdy

  • 11.09.2025 19:52
  • 11k+

Opta analitiki kompaniýasynyň superkompýuteri toparlaýyn tapgyr başlamazdan öň 2025/26 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin esasy dalaşgäri aýtdy.

Superkompýuter uly artykmaçlygy Angliýanyň “Liwerpul” klubuna berýär. Onuň maglumatlaryna görä, toparyň dörtden bir finala çykmak ähtimallygy 72,7%, ýarym finala – 51,5%, finala – 34%, ahyrky ýeňiş üçin 20,4% diýlip hasaplanýar.
Ýeňiş gazanyp biljek toparlaryň sanawynda ikinji orunda Londonyň “Arsenaly” ýerleşdirildi – onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 16%-e deň. Şeýle-de, ilkinji onluga ýaryşyň häzirki ýeňijisi “Pari Sen-Žermen” (12,1%), “Mançester Siti” (8,4%), “Barselona” (8,4%), “Çelsi” (7%), Madridiň “Realy” (5,8%), “Bawariýa” (4,3%), “Inter” (3%) we “Nýukasl” (3%) girýär.
Toparlaýyn tapgyrda “Liwerpul” “Real”, “Atletiko”, “Inter”, “Aýntraht”, “PSW”, “Marsel”, “Karabah” we “Galatasaraý” bilen oýnar.
Birinji tapgyr 16-njy sentýabrda geçer, jemleýji tapgyr 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda bolar.
Esasy tapgyra 36 klub gatnaşýar. Iň gowy sekiz klub gönüden-göni 1/8 finala çykar, 9 – 24-nji orunlary eýelän toparlar pleý-offda oýnar. Her topar dürli garşydaşlar bilen sekiz oýun – öýde dört we myhmançylykda dört oýun oýnamaly.
Ýatlap geçsek, “Liwerpul” geçen tomusky transfer penjiresinde düzümi güýçlendirmek üçin rekord 483 mln ýewro sarp etdi


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......