Manhart týuning atelýesi BMW M5-i 910 at güýjüne çenli güýçlendirdi

  • 11.09.2025 06:24
  • 5.2k+

Manhart awtobezeg atelýesi BMW M5-iň esasynda täze taslama hödürledi. Model MH5 900E adyny aldy. Sedanyň gibrid güýç enjamynyň kuwwaty 727 at güýjünden we 1000 Nm-den 910 at güýjüne we 1200 Nm aýlanma güýjüne çenli artdyryldy. Ulagyň asma ulgamy (podweska), daşky görnüşi we interýeri gaýtadan işlendi.

Güýç enjamynyň elektrik bölegi üýtgedilmedi. 4,4 litrlik S68 benzin hereketlendirijisi bolsa dolandyryş blogunyň çalşylmagy we turbinalaryň basyşynyň artdyrylmagy bilen kämilleşdirildi. Şeýle-de, 8 basgançakly “awtomatyň” iş algoritmi üýtgedildi. Gaz çykarýan ulgam poslamaýan polatdan ýasaldy we dört turba eýe boldy.
Karbon-keramiki tormoz üýtgewsiz galdy. Ýöne Manhart müşderiniň islegi bilen onuň sazlamasyny-da üýtgedip biler. Saýlamak üçin asgyjyň iki görnüşi hödürlenýär – H&R-den ýa-da KW Suspensions-dan. Tigir diskleri öňde 21 ýa-da 22 dýuým, yzda hemişe 22 dýuým bolup bilýär.
Kuzow Manhart-yň özi tarapyndan döredilen karbon elementleriniň toplumyna eýe boldy: spoýler goşundysy, bagaž ýeriniň gapagynda “ördek guýrugy”, üçekde spoýler, diffuzor, gapdal goşundylary. Mundan başga-da, altynsow firma ýelmentgileri ulanyldy.
Interýere Manhart haşamly halyçalar we alkantaradan potolok goşuldy. 


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......