Dünýäde elektrokarlaryň satuwy 2025-nji ýylda 29% ýokarlandy we 20 mln birlikden geçer

  • 05.09.2025 10:42
  • 2.6k+

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde elektromobilleriň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,4% ýokarlanyp, 9,29 mln birlige ýetdi.

Esasy ösüşi Hytaý, Ýewropa we ABŞ üpjün etdi. 8,4 mln elektromobil ýa-da umumy möçberiň 90,4%-i bu bazarlaryň paýyna düşdi. Hytaý dünýäde iň uly elektromobil bazary adyny saklady.
Taýwanyň Digitimes gazetiniň çaklamasy boýunça, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli global elektromobil stauwy 20 million birlikden geçer, bu hem olaryň bazardaky paýyny 23%-e çenli artdyrar. Hytaýda 14 milliondan gowrak, Ýewropada 3,8 million töweregi elektromobil satylar. ABŞ-da ösüş, syýasy ýagdaýlary göz öňünde tutsaň, gowşap biler.
Ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda satuw 35,5% — 5,88 mln elektromobile çenli ýokarlandy, bu hem dünýä bazarynyň 63%-den gowragyny emele getirdi. Islege döwlet tarapyndan berilýän maliýe kömegi we käbir modellerde L2/L2+ derejeli sürüjä kömek ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ýardam etdi.
Ýewropada ilkinji alty aýda 1,78 million elektromobil satyldy – bu bir ýyl ozalkydan 23,6% köpdür, bazardaky paý bolsa 21%-den 26,1%-e çenli artdy. Ösüş boýunça öňdebaryjylar Ispaniýa (+83%), Germaniýa (+42%), Italiýa (+41%) we Beýik Britaniýa (+36%) boldy. Munuň sebäpleriniň biri ÝB-de uglerod zyňyndylary boýunça düzgünleriň güýçlendirilmegi boldy.
ABŞ-da birinji ýarymýyllykda satuw ösüşi bary-ýogy 2,1% bolup, 740 müň elektromobile ýetdi. Birinji çärýekde satuw 10% ýokarlandy, ýöne II çärýekde elektromobiller we zarýad stansiýalary üçin maliýe kömeginiň azalmagy, şeýle-de inflýasiýanyň sarp ediş islegine täsir etmegi sebäpli 5% azaldy.
Ösüp barýan ýurtlarda ýarym ýylda 900 müň töweregi elektromobil satyldy, bu 32% ösüş bolup, ABŞ-nyň görkezijilerinden ýokarydyr. Ösüş boýunça öňdebaryjylar Günorta-Gündogar Aziýa, Latyn Amerikasy we Hindistan boldy.
ABŞ-da satuw ösüşiniň haýallandygy sebäpli, 2025-nji ýylda global elektromobil üpjünçiligine Hytaýdaky durnukly isleg we ÝB-niň ekologiýa syýasatynyň berkemegi uly goşant goşar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......