Argentinada gadymy krokodile meňzeş ýyrtyjy tapyldy. Ol dinozawrlary awlapdyr

  • 04.09.2025 19:24
  • 10k+

Paleontologlar Patagoniýanyň günortasynda häzirki krokodilleriň ýok bolup giden garyndaşlaryny - öň belli bolmadyk peýrozawrlaryň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gowy saklanyp galan kelleçanak, äň we skeletiň bir bölegi bar.

Bu haýwan takmynan 70 million ýyl ozal häzirki Argentinanyň çäginde ýaşap geçipdir. Onuň uzynlygy 3,5 metre, agramy 250 kilograma ýetipdir. Ýerde ýaşaýan bu uly ýyrtyjynyň ýaýbaň, güýçli äňi we uly dişleri bolup, hatda orta ölçegdäki dinozawrlary hem awlamaga mümkinçilik berýärdi. Onuň iýmitiniň 70% -den gowragy et bolupdyr, şonuň üçin ol giperýyrtyjy hasaplanýar.
Täze görnüşe güýçli patagon şemalynyň we Suhus ady bilen hem tanalýan krokodil kelleli Müsür hudaýy Sobekiň hormatyna Kostensuchus atrox  diýip at berildi.

"Bu açyş dinozawrlaryň dürli organizmleriň gurşawynda ýaşandygyny görkezýär" - diýip, Ylmy we tehniki barlaglaryň milli geňeşiniň we Argentinadaky Feliks de Azar tebigat taryhy gaznasynyň paleontology, esasy awtor Fernando Nowas gürrüň berýär.

Alymlar Günorta Amerikada we Afrikada hek döwründe, esasanam, krokodile meňzeş haýwanlaryň - ot iýýän we ýyrtyjy haýwanlar bolandygyny bellediler. Olar dinozawrlar bilen bäsleşip, ekoulgamlaryň ösmegine täsir edipdirler. Peýrozawridleriň arasynda K. atrox  iň uly we iň giň tumşukly görnüş hasaplanýar, we galyndylarynyň saklanyp galyş derejesi boýunça - bu toparyň iň gowy mysallaryndan biridir. 


19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......