Argentinada dünýä çempionatynyň ýelmentgilerine bolan gyzyklanma garaşylmadyk derejede artdy

  • 28.05.2026 10:58
  • 3.6k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Argentinada kolleksiýa edilip ýygnalýan futbol ýelmentgilerine bolan isleg ýene-de ýokary galdy. Buenos-Aýresde müňlerçe janköýer Panini kompaniýasynyň täze albomy üçin suratlary çalşyrmak maksady bilen seýilgählere we meýdançalara ýygnanýarlar.

Kolleksiýaçylaryň esasy üýşýän ýerleriniň biri, edil öňkülerdäki ýaly, Riwadawiýa seýilgähi boldy. Ol ýere çagalar, ene-atalar we tejribeli janköýerler özlerindäki artykmaç suratlary çalşyrmak we toplumlaryny tamamlamak üçin gerek bolan ýelmentgileri tapmak üçin gelýärler.

Janköýerleriň arasynda aýratyn-da Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu we Kilian Mbappeniň suratlary uly islegden peýdalanýar. Argentinaly janköýerleriň köpüsi geljekki dünýä çempionatynyň Messiniň karyerasyndaky iň soňky ýaryş boljakdygyna ynanýarlar.

2026-njy ýylyň turniri üçin Panini kompaniýasy öz taryhyndaky iň uly ýelmentgi toplumyny çykardy. Dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndy toparlaryň sanynyň 32-den 48-e çenli köpeldilmegi sebäpli, albomdaky suratlaryň sany hem ep-esli artdy. Bu bolsa turnir başlanýança albomy doldurmak isleýän kolleksiýaçylaryň işini has-da kynlaşdyrdy.


13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:06
7.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....