Apple akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Huawei-den yza galdy

  • 03.09.2025 12:28
  • 2.9k+

2025-nji ýylyň II çärýeginiň jemi boýunça Huawei ilkinji gezek akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Counterpoint Research statistikasy habar berýär. Hytaý bazary kompaniýanyň global üpjünçiliginiň 8% ösüşini üpjün edip, bu netijä ýetmekde möhüm orun eýeledi.

Akylly sagatlaryň bazary 2024-nji ýylyň I çärýeginden bäri bäş çärýek durgunlykdan soň dikelip başlady. Global ösüş, hususan-da, Hytaýda şeýle enjamlara islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde Huawei, Xiaomi we Imoo brendleri has meşhur.
Alyjylary saglyk funksiýalary, emeli aňyň goşulmagy we ekoulgamyň çäklerinde akylly sagatlaryň köpugurly mümkinçilikleri özüne çekýär. Esasy isleg bildirilýän funksiýalaryň arasynda fitnes, aragatnaşyk, tölegler we nawigasiýa bar.
Bir ýylyň dowamynda Huawei smart sagatlaryň üpjünçiligini 52% ýokarlandyrdy. Hytaý öndürijisi modelleriň köpdürlüliginiň, içerki bazarda durnukly islegiň we orta hem premium segmentlerde bäsdeşlige ukyply bahalaryň hasabyna Apple-den öňe geçdi. Üpjünçiligiň dörtden üç böleginden gowragy Hytaýyň paýyna düşdi, sagatlaryň köpüsiniň bahasy 100 – 400 dollar aralygynda.
Huawei Ýewropada, Afrikada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Ýakyn Gündogarda hem satuwyny giňeldýär.
Apple yzygider ýedinji çärýek ornuny ýitirýär we iOS ekoulgamynyň netijesinde diňe ösen smart sagatlaryň segmentinde öňdebaryjylygy saklaýar.
Xiaomi we Imoo hem ösüşi hasaba alýar – birinjisi esasy modelleriň arasynda, ikinjisi bolsa çagalar üçin gurluşlaryň bazarynda öňdeligi eýeleýär. Samsung üpjünçiligi 3% azaltdy.
Hytaý doly derejeli operasion ulgama eýe bolan ösen akylly sagatlaryň iň uly bazary boldy. Analitikler ýylyň ahyryna çenli dünýä bazarynyň, takmynan, 7% ösmegini çaklaýar.


02.03.2026 22:21
4.9k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...