Türkiýede tilki derisini geýen adamyň 8000 ýyllyk heýkeli tapyldy

  • 02.09.2025 20:05
  • 12k+

Arheologlar Türkiýede bir adamyň toýundan ýasalan uly bolmadyk heýkeljigini tapdylar. Bu artefaktyň ýaşy, takmynan, 8000 ýyl töweregi diýip, DHA habarlar gullugy habar berdi.

Dokuz santimetrlik heýkel Izmir welaýatynyň Kemalpaşa etrabynyň Ulujak depesinden tapyldy. Ol tilki derisini geýen adamy şekillendirýär. Hünärmenleriň pikirine görä, bu aýratynlyk ýurduň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa welaýatynda ýerleşýän gadymy Göbekli-Tepe toplumynyň sütünlerine salnan nagyşlary gaýtalaýar. Meňzeşlikler dört müň ýyl töweregi wagtyň ara düşýändigine garamazdan Günbatar we Günorta-Gündogar Anadoly medeniýetleriniň arasyndaky baglanyşygy görkezýär diýip, Archaeologs neşiri ýazýar.
Ulujak depesi, takmynan, 8 850 ýyl bäri bar. 2009-njy ýyldan bäri ol ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilýär, onuň dowamynda neolit eýýamyndaky adamlaryň durmuşyny açyp görkezýän artefaktlar tapylýar. Bu ýerde küýzegärçilik ussahanasy bolupdyr we täze tapyndy bu sebitde senetçiligiň ösendigini tassyklaýar.
Gobekli-Tepe toplumy, takmynan, 12 000 ýyldan bäri bar. Ol 1960-njy ýyllarda arheologlar tarapyndan tapyldy we 1994-nji ýylda gazuw-agtaryş işleri geçirilip başlandy. Onuň sekiz gektar meýdany tutýan çägi haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen beýikligi bäş metrden gowrak bolan T görnüşli sütünli tegelek daş binalary öz içine alýar.
Barlagçylaryň pikirine görä, heýkeljik neolit asyry döwründe sosial rollara has gowy düşünmäge kömek edýär. Aýal heýkeljikler, köplenç, ýalaňaç şekillendirilipdir, erkek heýkeljikler bolsa geýimli görnüşde bolupdyr. Bu Anadolydaky dürli jemgyýetleriň umumy gymmatlyklaryny görkezýän hökümdarlygyň we awyň nyşanyna  ünsi çekdi.


07.06.2026 20:06
3.3k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

01.06.2026 20:16
6.4k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......