Samsung diňe Wýetnamyň özünde 2 milliarddan gowrak smartfon öndürdi

  • 02.09.2025 15:43
  • 4k+

Samsung kompaniýasy Wýetnamda möhüm sepgide ýetdi: 2009-njy ýylyň aprelinde bu ýurtda zawodlar işe girizileni bäri günorta koreý kompaniýasy bu ýerde 2 milliarddan gowrak smartfon çykardy diýip, ýerli VietnamPlus neşiri habar berýär.

Bu waka 26-njy awgustda resmi taýdan bellenildi.
Kompaniýanyň Baknindäki we Thaý Nguendäki zawodlary Samsung-yň üpjünçilik zynjyrynda möhüm orun eýeleýär. Bu ýerde arzan Galaxy smartfonlaryndan başlap, flagman smartfonlar, şol sanda eplenýän Galaxy Z Fold 7 öndürilýär. Enjamlaryň ep-esli bölegi Demirgazyk Amerika we beýleki möhüm bazarlara iberilýär.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Samsung Vietnam-yň girdejisi 31,6 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy, şolardan 28 milliard dollar eksportyň paýyna düşdi. Zawodlarda 100 000-den gowrak adam işleýär, bu hem kompaniýany sebitiň tehnologiýa pudagynda iň uly daşary ýurt maýadaryna öwürýär.
Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Wýetnam Samsung-yň Hindistandaky, Günorta Koreýadaky, Braziliýadaky we Indoneziýadaky zawodlaryndan ozduryp, kompaniýanyň telefon çykarmak boýunça iň uly önümçilik bazasy boldy.
Şeýle-de, Samsung Wýetnamda ylmy gözlegler boýunça işleri we displeýleriň önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär. 


düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......