Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalary açyldy

  • 02.09.2025 14:39
  • 13k+

1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda her biri 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 18-si, 28 sany amaly okuw otagy, 6 kompýuter, 6 lingafon otagy, 57 sany okuw-tejribehana otagy ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, bu ýerde “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär.
Tejribehanalardyr okuw otaglary dünýäniň iň kämil okuw enjamlary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tejribe otaglarynda ornaşdyrylan Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary elektroenergetika degişli okuwlary amaly şertlerde geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 
Täze okuw binasynda tebigy serişdelerden we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanýan ulgamlar döredilipdir. Bu ýerde ýagyş suwy ýörite howuzlarda toplanyp, arassalanyp, institutyň çägindäki baglary suwarmak üçin peýdalanylar. Binanyň üçeginde kuwwaty 132 kilowata deň bolan Gün panelleri oturdylandyr. Ol Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmek arkaly binanyň yşyklandyrylyşynda sarp ediljek ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesini öndürer.
Jemi 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy 4 gatdan ybarat bolup, onuň her bir otagy 4 talyba niýetlenendir. Talyplaryň ýaşamaklary, dynç almaklary we okuwlara özbaşdak taýýarlanmaklary üçin bu ýerde ähli şertler döredilendir. 2 gatdan ybarat üsti ýapyk sport desgasynyň birinji gatynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport zaly, ikinji gatynda bolsa daşary ýurtlaryň enjamlary ornaşdyrylan türgenleşik zaly hereket edýär.
Institutyň täze okuw binasyna ýanaşyk ýerdäki aýlawly ýoluň ugrunda gurlan monument toplumy “Täze kuwwat” diýlip atlandyrylýar. Ol kuwwaty 30 kilowata deň bolan ýel elektrik stansiýasyny we kuwwaty 15 kilowata deň bolan Gün elektrik stansiýasyny özünde jemleýär. Ýel we Gün elektrik beketleriniň öndürýän elektrik energiýasy binanyň töweregindäki yşyklandyryş ulgamy üçin sarp edilýär.
Dabaranyň barşynda halkara guramalaryň täze desgalaryň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hususan-da,

  • ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda informatika we maglumat tehnologiýalary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumynda sanly bilim ulgamynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň halkara standartlara laýyklykda üpjün edilendigi üçin Minnetdarlyk haty gowşuryldy.
  • Şeýle hem täze okuw binasynyň gurluşygynda energiýany netijeli peýdalanmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalaryň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürýän enjamlaryň, suwy tygşytly ulanmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylandygy; durnukly energetikany ösdürmek bilen bagly çäreleriň yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýandygy hem-de bu çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna ýardam berilýändigi barada Latwiýanyň Durnukly gurluşyk geňeşi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Ýaşyl” güwänamalar berildi.
  • Täze okuw binasynyň gurluşygynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň görkezijileri boýunça Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) ýörite güwänamasy gowşuryldy.

Binanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de bu ýurduň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.


düýn 12:38
3.3k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 10-njy — 25-nji apreli aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler...

14.03.2026 00:32
3.6k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aprel aýynda birnäçe olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri aprel aýynda birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we olimpiadalaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B...

12.03.2026 18:04
4.8k+

Türkmenistanda «E-mekdep» sanly ulgamy kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen «E-mekdep» sanly dolandyryş ulgamy orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu döwrebap platforma bilim edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we ata-eneler bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşygy täze derejä çykarmak maksady bilen döredildi...

10.03.2026 18:21
5.1k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy...