Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi

  • 01.09.2025 19:15
  • 5.5k+

Şu gün Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän port şäheri Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna Prezident Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň «ŞHG+» formatyndaky mejlisine 20-den gowrak ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, halkara guramalaryň 10-synyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Kesgitlenen gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ŞHG-niň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna uly hormat bilen garaýandygyny we onuň alyp barýan işine üns hem-de ak ýüreklilik bilen syn edýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyz guramanyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, onuň häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňeçer ulgamynyň kemala getirilmegine goşýan goşandyny ykrar edýär. Döwlet Baştutany ykdysady ulgamyň Türkmenistanyň bu gurama bilen gatnaşyklarynda kesgitleýji ugur hasaplanýandygyny belläp, şunda ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, söwda, senagat kooperasiýasy ýaly pudaklary ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi.
Ulag ulgamy barada aýdylanda, bu ugurdaky taslamalar Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Merkezi we Günorta Aziýa, Russiýa, Orta we Ýakyn Gündogar ýaly iri hem-de depginli ösýän ykdysady zolaklary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin amatly şertleri döretmäge ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn amaly özara gatnaşyklary ýola goýmagyň, ýurtlarymyzyň hakyky artykmaçlyklaryna, özara bähbitlere we ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmaga düşünmäge esaslanyp, ulag strategiýalaryny utgaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hazarüsti geçelgeleriň möhüm ornuny aýratyn nygtap, golaýda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda gysga we bähbitli ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň köp ýurtlarynyň gämi gurluşygy babatda möhüm önümçilik kuwwatlyklarynyň we baý tejribesiniň bardygyna ünsi çekip, bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Türkmenistan ŞHG-ä agza ýurtlar bilen kommunikasiýalar, energetika, senagat kooperasiýasy, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda-da netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, aragatnaşyk pudagynda täze iri taslamalary amala aşyrmak, guramanyň düzümine girýän döwletlere iberilýän tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň ugurlaryny we möçberini artdyrmak barada barýar. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häzirki «ŞHG+» mejlisinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny mälim etdi.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......